2016-2017-nji okuw ýylynda daşary ýurt raýatlaryny kabul etmegiň düzgünleri

Ähli resminamalar kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan, rus diline terjimesi bilen goşulýar.

Belarussiýanyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti tölegli esasda daşary ýurt raýatlaryny okuwyň taýýarlaýyş bölümine we 1-nji kursuna kabul etmegi amala aşyrýar.

Okuw üçin çakylyk daşary ýurt raýatynyň (ýa-da oňa wekilçilik edýän şahsyň) çakylygyň berilmegi baradaky haýyşy we okuwyň hünäri görkezilen arzasy boýunça berilýär. Çakylygy resmileşdirmek üçin indiki resminamalaryň berilmegi zerurdyr:

  • öwrenilen dersleri we olar boýunça alnan bahalary görkezmek bilen, bilim hakynda resminamanyň nusgasy we onuň rus diline terjimesi,
  • çagyrylýanyň pasportynyň nusgasy we onuň rus diline terjimesi,
  • daşary ýurt raýatyna wekilçilik edýän şahsyň pasportynyň nusgasy we onuň rus diline terjimesi.

Taýýarlaýyş bölümine kabul etmek.

Taýýarlaýyş bölümine rus dilini, biologiýany, himiýany we fizikany öwrenmek maksady bilen, orta bilimli daşary ýurt raýatlary kabul edilýär. Okuwyň möhleti 8-10 aýdan ybaratdyr, taýýarlaýyş bölümini tamamlandan soň, lukmançylyk we biologiýa hünäri boýunça GDA-nyň ýurtlarynyň Uniwersitetleriniň 1-nji kursuna giriş synaglaryny tabşyrmazdan kabul edilmek hukugyny berýän şahadatnama berilýär.

Resminamalar 25-nji awgustdan 15-nji oktýabra çenli kabul edilýär. Resminamalary kabul etmek hünäre gönükdirme we ýokary okuw jaýyna çenli taýýarlyk fakultetiniň dekanatynda amala aşyrylýar.

Konkurs esasynda okuwyň 1-nji kursuna kabul etmek.

Resminamalar 25-nji awgustdan 15-nji oktýabra çenli kabul edilýär. Resminamalary kabul etmek daşary ýurtly talyplaryň lukmançylyk fakultetiniň dekanatynda amala aşyrylýar.

Okamak üçin gelen daşary ýurt raýatlary giriş synaglarynyň dersleri: rus dili, himiýa we biologiýa boýunça söhbetdeşlikden geçirilýär.

Daşary ýurt raýaty Belarus Respublikasyna gelen güni degişli dekanata indiki resminamalary tabşyrýar:

  • “Belarussiýanyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti” okuw jaýynda okamak üçin çakylygyň göçürme nusgasy;
  • Pasport (şahsy özi berýär);
  • Pasportyň göçürme nusgasy we onuň kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan rus diline terjimesi;
  • öwrenilen dersleri we olar boýunça alnan synag bahalaryny (ballaryny) görkezmek bilen, bilim hakynda şahadatnama (resminama) we onuň  kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan rus diline terjimesi;
  • ýurduň resmi saglygy goraýyş organy tarapyndan berlen, saglyk ýagdaýy hakynda lukmançylyk netijesi we onuň kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan rus diline terjimesi;
  • okuw üçin gelen dalaşgäriň ýurdunyň resmi saglygy goraýyş organy tarapyndan berlen, WIÇ-infeksiýanyň ýoklugy hakynda şahadatnama we onuň kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan rus diline terjimesi;
  • dogluş hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy we onuň kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan rus diline terjimesi;
  • 3x4 sm ölçegli 6 fotosurat.       

Yyllyk toleg / Annual Fees*

  Hunar / Speciality Toleg / Fee ( ABS dollary / $ USA)
  Tayyarlayjy bolum/ Preparatory 2 600 - 3 100
  Dis lukmancylygy/ Stomatology 4 400
  Bejeris isi/ General medicine 4 000
     
  Ordinatura/ Postgraduate courses  
  Terapiya/ Therapy 2 500
  Hirurgiya/ Surgery 2 800
  Dis lukmancylygy/ Stomatology 3 600
     
  Yatakhananyn tolegi/ Accommodation fee (hostel) 840
  Registrasiya/ Registration 50
  Lukmancylyk strahowkasy/ Medical insurance 170 Eur
  Lukmancylyk barlagy/ Medical check-up 60
  Yasaysyn ortaca bahasy/ Average cost of living 3 000 - 4 800

 

*- Annual fee (in US dollars) may vary to some extent depending on the Belarussian currency exchange rate

Habarlasmak ucin:

Ekaterina Kulchicskaya, phone: +375 17 277 16 72, fax: +375 17 277 16 10, E-mail: intdept@bsmu.by

Dasary yurt okuwcylarynyn lukmancylyk fakultetinin dekany, associate professor Vladimir Vitoldovich Davidov, telefon: +375 17 272 60 88, faks: +375 17 272 67 89, E-mail: DavidovVV@bsmu.by

We are on YouTubeWe are on FacebookWe are on Twitter